ExxonMobil amerikan korporasiýasy Braziliýanyň kenarýakalaryndaky çuň suwasty känleri işläp düzmek işlerini işewürlik taýdan bähbitsizligi üçin bes etdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan The Wall Street Journal gazeti habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.
Neşiriň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, amerikan kompaniýasy bu çäkde 2017-nji ýylda işe girişdi, şondan bäri ExxonMobil birnäçe geologik-barlag işleriniň tapgyryny geçirdi we olar üçin 4 mlrd amerikan dollaryny sarp etdi.
2022-nji ýylyň ahyrynda kompaniýa bu taslama gatnaşýan işgärlerini Kanada, Angola we Gaýana geçirdi.
ExxonMobil geljekde-de Braziliýada nebit gözlemek işleriniň geçiriljekdigini aradan aýyrmaýar, sebäbi bu ýurt nebit gorlary babatda dünýäde 16-njy orunda durýar.