Dünýäniň iň beýik dagy Ewerestiň beýik gerişlerinde meteorologiýa stansiýasy gurlar.Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Tibet platosyny öwreniş institutynyň bilermenleri tarapyndan guruljak stansiýa 8 müň 800 metr belentlikde ýerleşer.
Institutyň ýolbaşçysy Çžao Huabýao dagyň güneý eňňidinde guruljak stansiýanyň dünýäde iň belentde ýerleşjek stansiýa boljakdygyny aýtdy.Häzirki wagtda dagyň 8 müň 430 metr belentliginde bir stansiýa bar.Dagyň güneý we guzaý eňňitleriniň başgaça tebigaty bar.
Bu beket ýeliň ugruny, tizligini we howanyň çyglylygyny ölçemek arkaly möwsümleýin ýagyşlaryň haçan ýagjakdygyny has takyk çaklamaga mümkinçilik berer.
Bu bekediň gurluşygy üçin daga dyrmaşyjylardan kömek soralar. Daga dyrmaşýan adamlara bekediň 7 kilogramdan köp bolmadyk bölegi berler. Jemi 50 kilogramlyk enjamy oturtmak üçin hünärmenler amatly howa şertlerinde daga dyrmaşarlar.
Jennet BÄŞIMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.