Ewerest dagyna çykdylar

Hytaýly hünärmenler topary Ewerest dagyna çykyp, ol ýerden buz we gar nusgalyklaryny aldylar. Şeýle hem dagyň çür depesine golaý ýerde oturdylan meteorologiýa bekediniň tehniki ýagdaýyna seretdiler.Hytaý 2017-nji ýylda Tibet platosynda ylmy barlaglary geçirmek üçin bu taslamany durmuşa geçirip başlapdy.

Bu taslamanyň çäklerinde sebitiň tebigaty ylmy taýdan öwrenilýär.Meteorologiýa bekedi 8 müň 830 metr beýiklikde ýerleşdirilipdir. 12 agzaly topar bu bekede gözegçilik edenden soňra dagyň çür depesine

8 müň 848 metr belentlige çykdylar.

Ol ýerden alnan gar we buz nusgalyklary howany hapalaýan täsirleri, şeýle hem täze hapalaýjylar barada maglumat toplamaga ýardam eder.

Hytaý bu ýerdäki meteorologiýa bekedini geçen ýyl gurupdy. 2019-njy ýylda bolsa, amerikan we iňlis hünärmenleri bilen bilelikde 8 müň 430 metr beýiklikde beket gurlupdy.

Dagyň üstündäki buz gatlagynyň galyňlygyny ölçemek üçin ösen radar tehnologiýasy bilen üpjün edilen beket Aziýadaky we ondan köp derýany suw bilen üpjün edýän dag gerişlerindäki howa we buz gatlagy barada maglumat almaga ýardam edýär.

Hytaýly alymlar ylmy taslamanyň çäklerinde Ýer ýüzüniň iň beýik dagynyň 5 müň 200 metr hem-de 8 müň 800 metr beýiklikdäki aralygyna 8 sany meteorologiýa bekedini gurmagy meýilleşdirýär. Bu beketleriň dördüsi 7 müň metrden ýokarda bolar.

Rejepmuhammet NURMUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

26-njy gezek çykdy
Hytaý dünýäde iň beýik meteostansiýany gurnady
Ewerestde meteorologiýa stansiýasy gurlar
Ewereste ýetmek üçin 82 gün welosipedde
Hytaýly pensioner Ewerest dagyna ýetmek üçin welosipedli 5,6 müň km ýoly geçdi
Türkmenistanyň Baýdagy dünýäniň iň beýik depesine Ewereste çykaryldy