Ewerest dagy ösýär

Geçirilen täze barlaglaryň netijesinde dünýäniň iň beýik dagy bolan Ewerestiň her ýyl 2 millimetr ösýändigi mälim edildi. Alymlaryň bellemeklerine görä, muňa dagyň töwereginde derýalaryň täsirinden emele gelýän eroziýa sebäp bolýar.

Angliýanyň London kollejiniň bilermenleri beýikligi 8 müň 849 metre ýetýän dagyň nädip uzalýandygyny bilmek üçin barlag geçirdiler. Netijede, mundan 89 müň ýyl ozal Ewerestiň golaýyndaky Arun derýasynyň Kosi derýasy bilen birikmegi netijesinde bu sebitde eroziýa artypdyr. Derýalar birigenden soňra suw köp mukdardaky daş we toprak gatlagyny sürüp äkidipdir. Şonuň netijesinde ýeriň aşagyndan gelýän basyş Ewerestiň beýgelmegine sebäp bolupdyr.

Alymlar dagyň 89 müň ýylyň dowamynda 15-50 metr aralygynda beýgelendigini, her ýylda 2 millimetre çenli ösmegini dowam etdirjekdigini çaklaýarlar. Bu barada taýýarlanan ylmy barlag Nature Geoscience žurnalynda neşir edildi.

Umyt BALKANGULYÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Hytaýly alymlar Ewerestiň ösýändigini anykladylar
Türkmenistanyň alpinistleri Manaslu depesinde Döwlet baýdagyny dikdiler
26-njy gezek çykdy
Türkmenistan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrýar, Gazagystan türkmen-owgan serhedinde galla terminalynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär we beýleki habarlar
Ewerest dagyna çykdylar
Türkmenistan we Russiýa täze parlamentara şertnamalaryna gol çekerler, 2-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berler, 28 30-njy iýun aralygynda Milli Gurban baýramy belleniler we beýleki habarlar