“Ewakuasiýa Işlerimiz Raýatlarymyz Ýurda Getirilýänçä Dowam Eder”

“Ewakuasiýa Işlerimiz Raýatlarymyz Ýurda Getirilýänçä Dowam Eder”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Sudandaky çaknyşyklar sebäpli türk raýatlarynyň ewakuasiýa işlerine Türk ýaragly güýçlerine degişli ikisi “Koja Ýusuf” hökmünde bilinýän A400M kysymly uçar bolmak bilen jemi 5 uçaryň gatnaşýandygyny belledi.

Akar, Kaýseride beren beýannamasynda, Sudanda harby goşun bilen HDK güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar we türk raýatlarynyň ewakuasiýa işleri hakynda maglumat berdi.

Akar “Raýatlarymyzyň Türkiýä getirilmegi üçin 5 uçar berdik. J-130 kysymly 3 uçarymyz bilen paýtagt Hartumyň demirgazygynda ýerleşýän Wadi Saýidnadan 210 raýatymyzyň göçürilmegi baradaky işler dowam edýär. Beýleki tarapdan A400M kysymly 2 uçarymyz hem Port Sudana gitdi. Ol ýerde 250 raýatymyz bar. Şol uçarlardan biri birazdan raýatlarymyzyň ýurda getirilmegi üçin Port Sudandan uçar” diýdi.

Milli Goranmak ministrligi hem çaknyşyklar sebäpli Sudandaky türk raýatlarynyň ýurda getirilmegi işleriniň dowam edýändigini, ilkinji toparyň Türk ýaragly güýçlerine degişli uçarlar bilen howpsuzl ýagdaýda ýurda getirlendigini mälim etdi.

Ministrlik tarapyndan Twitterden berlen habarnamada “Ewakuasiýa işlerimiz raýatlarymyz ýurda getirilýänçä yzygiderli dowam eder” diýildi

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Sudanda saparda boldy
ABŞ Sudanda genosid yglan edýär, Gazada Ysraýylyň edýan genosidine synçy bolmagynda galýar
Oýna girip, het-trik eden 7-nji futbolçy
BMG, Sudandaky gumanitar krizis üçin 6 milliard dollar talap edýär
ABŞ-nyň, Kataryň we Müsüriň Daşary Işler Ministri Ýesir Çalşygy Hakynda Pikir Alyşdy
Sudandaky tebigy heläkçilikler adamlary gaçybatalga gözlemäge mejbur edýär