“Eurovision” aýdym-saz bäsleşigi

Dünýä aýdym-saz söýüjileriniň arzyly bäsleşileriniň biri bolan “Eurovision” aýdym-saz bäsleşigi şu ýyldaky tapgyry maý aýynda geçirilýär.Has takygy, birinji ýarym finaly 10-njy maýda geçiriler.

Ikinji ýarym finaly 12-nji maýda hem-de final tapgyry 14-nji maýda geçiriljek bu bäsleşik Italiýanyň Turin şäherindäki “Pala Alpitour” ýapyk sport toplumynda bolup, jemleýji tapgyrynda şu ýylyň ýeňijisi mälim bolar.

Bäsleşige 41 döwlet gatnaşyp, olaryň arasynda Awstraliýa, Awstriýa, Gresiýa, Fransiýa, Germaniýa, Finlandiýa, Ruminiýa, Çehiýa, Belgiýa, Irlandiýa, NIderlandlar, Norwegiýa, Polşa, Ispaniýa, Şwesiýa we beýleki birnäçe ýurt bar.

Her ýyl geçirilip gelinýän “Eurovision” aýdym-saz bäsleşigi 1956-njy ýyldan bäri Ýewropa ýurtlarynda her ýaz aýlarynda geçirilýär. 1995-nji ýylda bäsleşik ilkinji gezek maý aýynda bolup, ondan öň mart-aprel aýlarynda geçirilipdi.

Häzirki wagtda bu bäsleşik iň meşhur aýdym-saz ýaryşlarynyň biridir.Bu bäsleşik dünýä ýüzüniň müňlerçe ilatyny teleýaýlymyň öňüne ýygnaýar. 2000-nji ýyldan bäri bolsa internetiň üsti bilen tomaşaçylara ýetirilýär.

Bu bäsleşigi geçirmek baradaky ilkinji pikir 1950-nji ýylda Şweýsariýa telewideniýesiniň müdiri M.Bezanson tarapyndan teklip edildi.Ilkinji gezek geçirilen bäsleşik Şweýsariýanyň Lugano şäherinden badalga aldy.

Oňa Ýewropanyň ýedi ýurdundan wekiller gatnaşdy. 2004-nji ýylda bäsleşik ýarym final we finala bölündi.Bäsleşigiň düzgünlerine görä oňa gatnaşyjy wekilleriň ýaşy 16-dan kiçi bolmaly däl, çykyşyň dowamlylygy 3 minutdan geçmeli däl, aýdymlar iňlis ýa-da fransuz dillerinde ýerine ýetirilmelidir.

Ilkibaşda telewideniýä ünsi çekmegiň hem-de Ýewropa ýurtlarynda aýdym-sazyň meşhurlygyny artdyrmagyň usuly hökmünde geçirmeklik göz öňünde tutulan bu bäsleşik wagtyň geçmegi bilen aýdym-saz zehinlerini ýüze çykarmaklygyň möhüm guralyna öwrüldi.

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmen oba hojalyk institutynyň yglan eden döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
23-nji aprel BMG-de iňlis diliniň güni
Bütindünýä pingwinler güni
“Aý-ýyldyzly” garpyz
Bütindünýä göçüp gidýän guşlar güni
Geljekde şäheriçi gatnaw nähili bolar?