Gülgüne flamingolaryň ýüzlerçesi Gazagystanyň Aktau şäherinden 15 km uzaklykda ýerleşen Karakol kölüne geldiler. Bu ýerde guşlar sürüsi gyşlamak üçin Hazar deňziniň türkmen ýa eýran kenarlaryna ugramazdan ozal düşläp geçýärler diýip, Euronews habar berýär.
Karakol kölünde her ýylda guşlaryň 80-den gowrak görnüşi düşläp geçýär, şolaryň 21-si Gyzyl kitaba girizilen. Olaryň içinde flamingolar, guwlar, ördekler agdyklyk edýär.
Gülgüne flamingolaryň ýaşaýyş arealy Ispaniýanyň günortasyndan we gündogaryndan başlap, Fransiýanyň günortasyna, Afrikanyň üsti bilen, şol sanda, Madagaskaryň üsti bilen, gündogarlygyna Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Ýakyn Gündogaryň çägini, Hindistana we Şri-Lanka çenli çägi alýar.
Belläp geçsek, gülgüne flamingolar guşlaryň arasynda uzak ýaşanlardandyr — olar 40 ýyla çenli ýaşap bilýär. Guşlar sürüsi Karakol kölünde noýabryň ortalaryna çenli bolarlar.