Ýewropanyň meşhur Euronews.com saýty Türkmenistanyň ruhy dünýäsi: bu topragyň mirasyna we legendalaryna düşünmek ady bilen göwrümli makala çap etdi. Onda türkmen halkynyň IX asyrdan bäri Merkezi Aziýanyň syýasy, ykdysady durmuşynda, sungatynda we medeniýetinde uly orun eýeleýändigi bellenýär.
Makalada türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň has möhüm nyşanlary hökmünde ahalteke bedewlerine, olaryň gözelligine, ýyndamlygyna hem-de taryhyna üns çekilýär. Atlaryň bu tohumynyň mundan 3 müň ýyl töweregi ozal Ahal sebitinde kemala gelendigi ýazylýar.
Wepaly alabaý itleri türkmen halkynyň çopançylyk däpleriniň nyşanydyr diýlip, makalada nygtalýar. Edil ahalteke bedewleriniňki ýaly, alabaýlaryň hem hormatyna baýramçylyk ýurduň şanly seneleriniň sanawynda orun eýeleýär.
Halyçylyk türkmen zenanlarynyň hünäri bolup, asyrlarboýy eneden gyza geçip gelýän sungatdyr. Türkmen halyçylyk sungaty ÝUNESKO tarapyndan ykrar edilendir. Her ýyl maý aýynda Türkmen halysynyň baýramynyň bellenip geçilmegi türkmen zenanlarynyň bu sungatyna goýulýan çäksiz hormatdan nyşandyr.
Türkmen halky üçin XVIII asyrda ýaşap geçen şahyr Magtymguly Pyragynyň söz mirasy aýratyn gymmatlydyr. Onuň ahlak gymmatlyklary, adamkärçilik, watansöýüjilik we söýgi baradaky şygyrlary halkyň milli buýsanjydyr. Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan birgiden medeni çäreleri geçirdi we geçirmegi dowam edýär.