EURO 2024 Çempionatynyň Çempiony Ispaniýa Boldy

Berlin Olimpiýa stadionynda geçirilen we duşuşygyň ilkinji ýarymy golsuz tamamlanan tutluşykda Ispaniýanyň çempion bolmagyna elten gollary 47-nji minutda Niko Uilýams we 86-njy minutda Mikel Oýarsabal geçirdiler.

Angliýanyň ýeke täk goluny bolsa 73-nji minutda Koul Palmer geçirdi.

EURO 2024 finalynda Angliýany ýeňen Ispaniýanyň futbol ýygyndysy 17-nji gezek geçirilýän Ýewropa çempionatynda 4-nji gezek çempion boldy. Şeýlelik bilen Ispaniýa Ýewropa çempionatynda iň köp kuboga eýe bolan ýygyndy adyna eýe boldy.

Ýewropanyň futbol çempionatynda yzly-yzyna 2-nji gezek final tapgyrynda oýnan Angliýa bolsa, oňyn netije ýetip bilmedi.

EURO 2024-de geçiren ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazanan Ispaniýa turnirde Horwatiýa, Italiýa, Albaniýa, Gruziýa, Germaniýa, Fransiýa we soňky duşuşykda bolsa Angliýanyň ýygyndylaryny ýeňdi.

EURO 2024-de tapawutly kategoriýalar boýunça şahsy sylaglar eýelerine gowşuryldy.

Turniriň iň gowy futbolçysy Ispaniýadan ýarymgoragçy Rodri saýlandy. Iň ýaş futbolçy sylagyna bolsa Ýewropanyň Futbol Çempionaty taryhynyň iň ýaş futbolçysy we iň köp gol atan Ispaniýaly Lamine Ýamala berildi.

Ýene degişli makalalar

EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
Ilkinji ýarym finalçy Ispaniýa, ýer eýeleri öýlerinde galdy
Niderlandlara çärýek finala çykmak kyn düşmedi
EURO 2024 Çempionatynyň final tapgyrynda oýnajak ilkinji ýygyndy belli boldy
Ispaniýanyň finaldaky garşydaşy Niderlandlar ýa-da Angliýa
Ýamalyň rekordy we EURO 2024-iň ilkinji finalçysy Ispaniýa