EURO 2024 Çempionatynyň çäginde düýn iki aýry duşuşyk geçirildi

Çempionatyň F toparynda bolan Türkiye ilkinji duşuşygynda Gruziýadan 3-1 hasabynda üstün çykdy.

Türkiyäniň gollaryny Mert Müldür, Arda Güler we Kerem Aktürkogly geçirdi.

Çempionata ilkinji gezek gatnaşýan Gruziýanyň çempionat taryhyndaky ilkinji goluny bolsa Jorj Mikautadze geçirdi.

Türkiyäniň 2-nji pökgüsini geçiren Arda Güler, Türkiyäniň milli futbol ýygyndysynyň taryhynyň Ýewropa çempionatynda gol geçiren iň ýaş futbolçysy boldy.

F toparyndaky ýene-de bir duşuşyk bolsa Portugaliýa bilen Çehiýanyň arasynda geçirildi.

Portugaliýa Çehiýadan 2-1 hasabynda üstün çykdy.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan EURO 2024-de geçiren ilkinji duşuşygynda üstünlik gazanan Türkiyäniň milli futbol ýygyndysyna jaň edip, futbolçylar bilen söhbetdeş boldy.

Prezident Erdoganyň "Dowamyna garaşýarys" ýüzlenmesine tehiniki topar we futbolçylar "Dowamy bolar" diýip söz berdiler.

Türkiyäniň milli futbol ýygyndysy toparyň içindäki ikinji duşuşygyny bolsa 22-nji iýunda şenbe güni Dortmuntda Portugaliýanyň ýygyndysy bilen geçirer.

Ýene degişli makalalar

EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
Türkiýäniň Ýygyndysy EURO 2024-de Ýoluna Dowam Edýär
EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
Ronaldonyň gözýaşlary, Diogo Koştanyň erjelligi we Portugaliýa 7-nji gezek çärýek finalda
EURO 2024 Çempionatynyň çärýek final duşuşyklary şu gün başlaýar
Ilkinji ýarym finalçy Ispaniýa, ýer eýeleri öýlerinde galdy