
Germaniýanyň 10 aýry şäherinde we stadionynda geçirilýän Ýewropanyň futboldaky ýygyndylar derejesindäki iň möhüm çäresi bolan EURO 2024-de, düzüminde Angliýa, Daniýa, Sloweniýa we Serbiýa döwletleriniň ýygyndylarynyň bolan C toparynda ilkinji duşuşyklar tamam boldy.
Toparda günüň ilkinji duşuşygynda Sloweniýa Daniýa bilen 1-1 hasabynda deňme-deň galdy we ýygyndylaryň ikisem 1 bal aldylar.
Angliýa bolsa Arena AufSchalke stadionynda Serbiýa bilen oýnady. Ýyldyz futbolçy Jud Bellingemiň geçiren ýeke täk pökgüsi bilen garşydaşyndan üstün çykan Angliýa toparda geçirilen ilkinji duşuşyklaryň netijesinde artykmaçlyga eýe boldy.
EURO 2024 çempionatynyň C toparyndaky ilkinji duşuşyklaryň netijesi boýunça emele gelen bal ýagdaýy:
AG