EURO 2024 Çempionaty dowam edýär

EURO 2024 Çempionaty dowam edýär

2024 Ýewropa Futbol Çempionatynyň (EURO 2024) soňky 16 tapgyrynda şu gün Fransiýa bilen Belgiýa özära bäsleşer.

Dyusseldorf Arena stadionynda geçiriljek we Türkiyäniň wagty bilen sagat 19:00-da başlajak duşuşygyň emin agzasy şwesiýaly Glenn Niberg bolar.

Günüň beýleki bir duşuşygy bolsa Portugaliýa bilen Sloweniýanyň arasynda bolar.

Frankfurt Arena stadionynda geçiriljek we Türkiyäniň wagty bilen sagat 22:00-da başlajak duşuşygyň emin agzasy Italiýanyň futbol federasiýasyndan Daniele Orsato bolar.

Futbol duşuşyklary TRT 1 kanalyndan we "tabii" gollanmasyndan görkeziler.

Ýene degişli makalalar

EURO 2024 çempionatynyň final tapgyryna çykjak ýygyndynyň ilkinjisi şu gün belli bolar
EURO 2024 Çempionatynyň çärýek final duşuşyklary şu gün başlaýar
EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
Ronaldonyň gözýaşlary, Diogo Koştanyň erjelligi we Portugaliýa 7-nji gezek çärýek finalda
Angliýa faworit, ýöne…