
Düýn geçirilen 3 aýry duşuşygyň netijeleri şu aşakdaky ýaly:
Rumyniýa: 3 Ukraina: 0,
Belgiýa: 0 Slowakiýa: 1,
Awstriýa: 0 Fransiýa: 1.
EURO 2024 Çempionatynda şu gün bolsa 2 aýry duşuşyk geçiriler.
Türkiyäniň wagty bilen sagat 19:00-da Türkiye bilen Gruziýa oýnar.
Duşuşyk TRT 1 telewideniýe kanalynda we TRT Radio 1 radio kanalynda göni ýaýlym arkaly berler.
Türkiyäniň wagty bilen sagat 22:00-da bolsa Portugaliýa-Çehiýa duşuşygy bolar, oýun TRT 1 kanalynda göni ýaýlym arkaly görkeziler.