EURO 2020 -niň SAÝLAMA TAPGYRY

13 OÝUNDAN BÄRI ÝEŇILMÄN GELÝÄR“A” toparçada çehler ilki Patrik Şikiň 2 goly bilen Bolgariýany 21, soňra bolsa, Garadagy 30 hasabynda ýeňdi.Garadag bilen 11 deňme-deň oýnan Kosowo myhmançylykda Bolgariýany 32 ýeňdi. 2018-nji ýyldaky oýunlarynda ýeňilmedik Kosowonyň ýygyndysy umumylykda 13 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär.

Iňlisler Milletler ligasyna gatnaşandygy üçin bu tapgyrlarda duşuşyk geçirmedi. “B” toparçada Andreý Şewçenkonyň tälimçiligindäki Ukraina ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirýär.Sygankow we Konoplýankanyň hersiniň 2 gol geçiren oýnunda Serbiýany 50, Lýuksemburgy-da Ýaremçugyň ýeke-täk goly bilen 10 ýeňen ukrainler 10 utuk toplap, toparçada 1-nji hatarda barýar.

Portugaliýa bu 2 tapgyrda çykyş etmedi.

IKI OÝUNDA 10 GOL“C” toparçada 2 oýunda 10 gol geçiren Germaniýanyň ýygyndysy Belarusy Sane we Roýsuň gollary bilen 20 ýeňdi.Olar 2-nji duşuşygynda estonlaryň torundan jogapsyz 8 pökgi girizdi.

Oýunda nemesleriň geçiren 34 goly-da ofsaýt diýlip hasaba alynmady.Duşuşykda Roýs bilen Gnabri 2 gezek tapawutlandy.Toparçada D.Irlandiýa hem 34-nji tapgyrlary ýeňiş bilen tamamlady.

Olar Estoniýany 21, Belarusy-da 10 hasaplar bilen utdy.Milletler ligasynda çykyş eden gollandlar bu 2 tapgyry boş geçirmeli boldy. “D” toparçada Daniýa bilen Irlandiýa bu 2 tapgyrda 4 utuk gazandy. Özara oýunda 11 deňme-deň oýnan toparlaryň birinjisi Gruziýany 51, Britan adasynyň wekili bolsa, Gibraltary 20 ýeňdi. Şweýsarlar Milletler ligasyndaky oýunlary sebäpli duşuşyk geçirmedi. “E” toparçada Wengriýa Azerbaýjandan 31, Uelsden hem 10 üstün çykdy.

Slowakiýa Hamşigiň 2 gol geçiren oýnunda Azerbaýjany 51, Horwatiýa bolsa Uelsi 21 ýeňdi. “F” toparçada ilki Farer adalaryny 41 ýeňen ispanlara şwedlerden hem üstün çykmak o diýen kyn düşmedi.

Her oýunda 1 gol geçiren Serhio Ramos Ispaniýanyň ýygyndysynda iň köp ýeňiş gazanan futbolçy bolmagy başardy. “G” toparçada Polşa säwliksiz ýörişini dowam etdirýär.Demirgazyk Makedoniýany Kşiştof Pýontegiň ýeke-täk goly bilen ýeňen polýaklar Ysraýyly 40 hasabynda utdy.

Bu oýunda-da Pýontek tapawutlanmagy başardy.Toparçadaky oýunlaryna şowsuz başlan Awstriýanyň ýygyndysy Sloweniýany 10, D.Makedoniýany 41 ýeňdi. 2-nji duşuşykda Arnautowiç 2 gol geçirdi.

MBAPPENIŇ 100-nji GOLY“H” toparçada Türkiýäniň ýygyndysy Dünýä çempiony Fransiýany Aýhan we Ünderiň gollary bilen 20 ýeňdi.Türkler 2-nji duşuşygynda myhmançylykda Islandiýadan 21 asgyn geldi.

Fransiýanyň ýygyndysy myhmançylykda Andorradan 40 üstün çykdy.Oýunda fransuzlaryň 1-nji goluny geçiren Kilian Mbappe karýerasyndaky 100-nji pökgüsini derwezä girizdi.Toparçada 3 topar Fransiýa, Türkiýe hem-de Islandiýa 9 utuk bilen öňdäki orunlary paýlaşýarlar.

RUSSIÝA—SAN MARINO: 90“I” toparçada tapgyryň iň uly aratapawutly ýeňşi hasaba alyndy.Russiýanyň ýygyndysy San Marinony 90 hasabynda ýeňdi.Gollaryň 4-sini Artýum Dzýuba, 2-sini Fýodor Smolow derwezä girizdi.

Ruslar 2-nji duşuşygynda Kipriň milli toparyny Ionowyň ýeke-täk goly bilen ýeňmegi başardy. Ýeňlişsiz barýan Belgiýa ilki Gazagystany, soňra-da Şotlandiýany 30 hasabynda utdy.Toparyň ezber hüjümçisi Romelu Lukaku 1-nji oýunda 1, 2-nji oýunda-da 2 gol geçirdi. “J” toparçada italýanlar ynamly barýar.

Gresiýany myhmançylykda Barella, Insinýe hem-de Bonuççiniň 10 minutda geçiren gollary bilen 30 hasabynda ýeňdi.Olar 2-nji duşuşygynda Bosniýanyň ýygyndysyny kabul edip, kynlyk bilen hem bolsa, ýeňiş gazandylar.

Jeko bilen öňe saýlanan myhmanlar Insinýe we Werrattiniň gollaryna çäre tapyp bilmedi.Finlýandiýanyň ýygyndysy ilki Bosniýadan, soňra bolsa, Lihtenşteýnden 20 üstün çykdy.Ermenistanyň ýygyndysy hem 6 utuk gazanyp, olar Lihtenşteýni 30 ýeňeninden soň, myhmançylykda Gresiýanyň milli toparyny 32 utdy.TOPARÇALARDAKY 34-nji DUŞUŞYKLARYŇ NETIJELERI:“A”: ÇehiýaBolgariýa: 21, GaradagKosowo: 11; BolgariýaKosowo: 23, ÇehiýaGaradag: 30“B”: LitwaLýuksemburg: 11, UkrainaSerbiýa: 50; SerbiýaLitwa: 41, UkrainaLýuksemburg: 10“C”: EstoniýaD.Irlandiýa: 12, BelarusGermaniýa: 02; GermaniýaEstoniýa: 80, BelarusD.Irlandiýa: 01“D”: GruziýaGibraltar: 30, DaniýaIrlandiýa: 11, DaniýaGruziýa: 51, IrlandiýaGibraltar: 20“E”: HorwatiýaUels: 21, AzerbaýjanWengriýa: 13; AzerbaýjanSlowakiýa: 15, WengriýaUels: 10“F”: Farer adalaryIspaniýa: 14, NorwegiýaRumyniýa: 22, ŞwesiýaMalta: 30; Farer adalaryNorwegiýa: 04, MaltaRumyniýa: 04, IspaniýaŞwesiýa: 30G”: AwstriýaSloweniýa: 10, D.

MakedoniýaPolşa: 01, LatwiýaYsraýyl: 03; D.MakedoniýaAwstriýa: 14, LatwiýaSloweniýa: 05, PolşaYsraýyl: 40“H”: TürkiýeFransiýa: 20, IslandiýaAlbaniýa: 10, MoldowaAndorra: 10; IslandiýaTürkiýe: 21, AndorraFransiýa: 04, AlbaniýaMoldowa: 20“I”: RussiýaSan Marino: 90, BelgiýaGazagystan: 30, ŞotlandiýaKipr: 21; GazagystanSan Marino: 40, BelgiýaŞotlandiýa: 30, RussiýaKipr: 10“J”: GresiýaItaliýa: 03, FinlýandiýaBosniýa: 20, ErmenistanLihtenşteýn: 3-0; ItaliýaBosniýa: 2-1, GresiýaErmenistan: 23, LihtenşteýnFinlýandiýa: 02

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Niderlandlar bilen Fransiýa, Italiýa bilenem Angliýa bir toparça düşdi
Fransiýa, Angliýa 2-nji, Polşa, Wengriýa 1-nji torbada