Etrekde we Bagyrda täze elektrik bekedi açyldy

3-nji noýabrda, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramynyň giňden bellenilýän gününde Etrek etrabynda täze elektrik bekediniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat we etrap häkimlikleriniň, elektroenergetika pudagynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Güýjenmesi 220 kilowat Etrek elektrik bekedinde dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary oturdylypdyr.Bu elektrik bekediniň gurluşygynda ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berildi.Energetika toplumynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ekologiýa, daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli, ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär.

Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalarynda degişli ugurdaky talaplara doly laýyk gelýän serişde tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary işjeň ornaşdyrmak baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir.

Açylyş dabarasynyň dowamynda täze desganyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Şol gün Aşgabat şäherinde güýjenmesi 110 kilowat bolan Bagyr elektrik bekedi açylyp ulanmaga berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda umumy kuwwaty 330 kW bolan iki sany täze elektrik bekedi ulanylmaga berildi
4-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Dünýä Türkmenleri: Amerikan alymy Türkmenistan ýatlamalary, türkmen dili we 'türkmençilik' barada
Bagyr ýaglanmasynyň öňüni almagyň tebigy ýollary…
TFF-niň kubogy: Merw bilen Altyn asyr ýoluny ýitgisiz dowam edýär
TFF-niň kubogy ― 2023: Merw bilen Şagadam ikinji ýeňşini gazanmak üçin meýdana çykýarlar