Türkmenistanyň her etrabynda durmuş işi boýunça ýörite hünärmen iş alyp barar. Degişli mesele Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleriniň jemgyýetçilik hyzmatlarynyň bilelikdäki maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine bagyşlanan mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada BMG-niň metbugat gullugyna salgylanyp, SNG.TODAY habar berýär.
Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglygy ulgamyny kämilleşdirmek maksatnamasynyň çäklerinde geljekde Türkmenistanyň her bir sebitinde durmuş işi bilen meşgullanýan işgäriň wezipesi açylar. Şol bir wagtyň özünde, bu taslamany netijeli durmuşa geçirmek üçin ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýöriteleşdirilen bilim maksatnamalary (täze hünärler we gysga möhletli okuwlar) dörediler.
Belläp geçsek, şol maksatnamanyň çäklerinde ýakynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ÝUNISEF we USAID bilen bilelikde howandarlyga mätäç maşgalalara we çagalara pudagara goldawyny güýçlendirmek barada ýygnak geçirdi. Onuň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylar döwlet hyzmatlaryny üpjün edijiler üçin maglumat platformasyny döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.