Etniki azlyklaryň öz milli atlaryna 'girizilýän gadaganlyk' medeni hukuklaryň çäklendirilmegi bolýar

Etniki azlyklaryň öz milli atlaryna 'girizilýän gadaganlyk' medeni hukuklaryň çäklendirilmegi bolýar

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýaňy-ýakynda Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan etniki azlyklaryň wekilleriniň, şol sanda özbek we täjik azlyklarynyň çagalaryna öz milli atlarynyň dakylmagynyň gadagan edilýändigini, olardan türkmen atlaryny ulanmagyň talap edilýändigini habar berdiler.

Çeşmeler Lebap welaýatynyň Raýat Ýagdaýynyň Namalarynyň Ýazgylary (RÝNÝ) döwlet edaralarynda şeýle talabyň soňky iki ýyl bäri etniki özbekler we täjikler babatynda ýerine ýetirilýändigini aýdýarlar.

Adam atlary boýunça Türkmenistandan gelip gowuşýan soňky täzelikleriň fonunda, Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany türkmen adam atlarynyň aýratynlyklaryna, etniki azlyklaryň medeni hukuklaryna gönükdirilýär.

Biz öňki ýyllarda gepleşigimiziň käbir sanlaryny bu tema bagyşlapdyk.Meselem, 2019-njy ýylda efire berlen bir sanymyzda türkmenleriň arasynda adam atlary boýunça köne tejribeler we soňky meýiller maslahat edildi, 2021-nji ýylda efire giden bir sanymyzda bolsa, türkmenleriň arasynda “-ow”, “-yew” ýaly familiýalardaky rus goşulmalaryny taşlamak meýillerinden söhbet açyldy.

Biz şeýle-de, Eýranda etniki türkmen maşgalalarynda doglan çagalara öz milli atlarynyň dakylmagynyň eýran häkimiýetleri tarapyndan gadagan edilmegi barada hem ýörite gepleşik taýýarlapdyk.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar şeýle talaplaryň etniki azlyklaryň medeni hukuklarynyň basgylanmagy bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda etniki azlyklara milli atlaryň gadagan edilmegi olaryň öz milli we etniki kimliklerine eýe çykmaklaryna nähili päsgelçilik döredýär? Türkmen adam atlary özleriniň nähili aýratynlyklary bilen tanalýar? Haýsy türkmen atlary milli azlyklar üçin, özbekler we täjikler üçin, umumy atlar bolup durýar?

Biz şuňa meňzeş soraglar boýunça Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwleti 100 ýaşady
Türkmen döwletliligi 'global öwrülişikleriň bosagasynda' ikinji ýüzýyllyga gadam basýar
Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar
Talyban’ astyndaky durmuş: Etniki türkmenleriň Koştepa kanaly bilen bagly gorkulary we umytlary
Eýran türkmenleri 'türkmen lideriniň' Tähran saparyndan teselli tapmady
Berdimuhamedow Täjigistana sapar edýär: Türkmen-täjik gatnaşyklarynda täze sahypa açylýarmy?