Etiň ornuny tutýan iýmitler

Et saglyk üçin iň peýdaly iýmitleriň biri bolup, belogyň çeşmesi hasaplanýar.Belok dyrnakdan başlap, beden agzalarynyň ählisi üçin zerur bolan maddalaryň biridir.Köpler eti her gün iýmegi halaýan bolsa, käbir adam et iýmegi halamaýar.

Bilermenler etiň düzüminde saklanýan witamindir peýdaly maddalary beýleki iýmitlerden hem alyp bolýandygyny belleýärler.Geliň, beloga baý, etiň ornuny tutýan iýmitler bilen tanyş bolalyň!Merjimek.B witamine, folata, marganese, demre, beloga we süýüme baý iýmit hasaplanýan merjimekden, esasan, çorba bişirilýär.

Bir şakäse merjimek çorbasynda beden üçin her gün zerur bolan süýümiň üçden bir bölegi saklanýar.Aşgazanda tiz özleşýän bu ýeňiljek çorba adamy uzak wagtlap dok saklaýar.Bedeni kuwwatlandyrýan bu iýmit aşgazan-içege ulgamyndan başlap, holesteriniň derejesini kadaly saklamaga we ýürek-damar ulgamyny goramaga ýardam edýär.

Kösükli önümler.Fasol, noýba, nohut ýaly kösükli önümlerde köp mukdarda belok saklanýar.Uglewoda, süýüme, demre, folata, fosfora baý bu iýmitler etiň ornuny tutýar.A, C we K witaminiň çeşmesi hasaplanýan kösükli önümler bedene güýç berip, bedende demriň siňmegini ýokarlandyrýar. Şeýle hem kösüklilerden bişirilen tagamlar iýmit siňdiriş we süňkler üçin peýdaly bolup, öýjükleriň täzelenmegine ýardam edýär.

Süle.Bugdaýa meňzeş bu ýumşak däneli önümde belok, magniý, sink, fosfor we folat saklanýar.Süle tüwi we bugdaýa garanyňda, has ýokumly we peýdaly hasaplanýar.Süleden taýýarlanylýan tagamlar iýmit siňdiriş ulgamyna peýdaly bolmak bilen bir hatarda, demgysmanyň öňüni alýar.

Süle ýarmasy çagalaryň ösüşi üçin iň peýdaly iýmit hasaplanýar.Süleden taýýarlanýan tagamlar çalt siňýändigine garamazdan, bedeni zerur bolan witaminler bilen üpjün edýär. Ýaşyl nohut. 100 gram ýaşyl nohutda 5 gram belok bar.

Terligine we gaplanan görnüşde satylýan bu kösükli önümden köplenç işdäaçar we çorba taýýarlanýar. Ýaşyl nohutda A, C, K witamini, köp mukdarda süýüm, tiamin, folat we marganes saklanýar. Ýürek üçin peýdaly iýmit hasaplanýan ýaşyl nohut holesteriniň derejesini peseltmäge ýardam edýär.

Siýez bugdaýy (bulgur).Gadymy döwürlerden bäri ekilip gelinýän siýez bugdaýy dok dänesi we ýokumlylygy bilen tapawutlanýar.Siýez bugdaýyndan bulgur öndürilýär.Siýez bugdaýynda işlenen siýez bulguryna görä, iki esse köp belok we süýüm saklanýar.

Azyk önümçiliginde siýez bugdaýyndan un, aş önümleri we ýarma taýýarlanylýar.Saçaklaryň bezegi hasaplanýan siýez bugdaýyndan taýýarlanan tagamlar gandaky şekeri kadaly derejede saklamaga, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini ýeňilleşdirmäge ýardam edýär.

Tüwi.Uzyn däneli tüwüde adaty görnüşlere garanyňda 1,5 esse köp belok saklanýar.Tüwi süýümiň, marganesiň, misiň, fosforyň we B witaminiň çeşmesi hasaplanýar.Inçe tüwi siňmesi ýeňildigi bilen tapawutlansa, adaty tüwi şireli tagamy bilen düzüminde köp mukdarda süýüm saklaýar.

Tüwiniň islendik görnüşi hem saglyk üçin peýdaly bolup, hepdede 2-3 gezek tüwüden taýýarlanan naharlary iýmek maslahat berilýär.Adamy uzak wagtlap dok saklaýan bu iýmitiň gaýnadylan suwy aşgazan-içege ulgamy üçin has peýdalydyr.

Hoz.Belogyň uly çeşmesi hasaplanýan hozuň ata Watany Hytaý we Turan sebitleri hasaplanýar.Hoz demir, kalsiý, magniý, selen, fosfor, B6 we E witamini öz içine alýan, süýüme we antioksidantlara baý miwedir.

Hozuň düzüminde beden üçin zerur bolan omega-3 ýagy hem saklanýar.Her gün 3-4 däne hoz iýýän adam has sagdyn bolýar.Hoz bedende ýokançlyklara garşy göreşmek bilen bir hatarda, ýürek bilen bagly töwekgelçilikleri aradan aýyrýar. Şeýle hem süýji keseliň öňüni alyp, beýniniň işjeňligini güýçlendirýär. /* custom css */ .td_uid_15_675980f92bd0d_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_675980f92bd0d_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Doňdurmanyň peýdaly taraplary
Türkmenistan Hazar deňzi boýunça ylmy hyzmatdaşlyga çagyrýar, 2023-nji ýylda 330 sany türkmen talyby Belorusyň ýokary okuw mekdeplerine girdiler, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilligi Maýyplara goldaw merkezine mekdep esbaplaryny gowşurdy we beýleki habarlary
Russiýada Ýewropadaky iň pes derejeli azyk hümmetsizlenmesi hasaba alyndy
Dünýäniň reňkli myhmanhanalary