
Türkmenistanda ilatyň azyk howpsuzlygy bilen bagly aladalar dowam edýän mahaly, şu günler et we et önümleriniň bahalary yzygiderli ýokarlanýar. Balkanda soňky wagtlarda birnäçe hususy et dükany öz işine arakesme berýär. Resmiler bahalary gözegçilikde saklamaga çalyşýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy dowam edýän et gytçylygynyň arasynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän daýhan bazaryndaky et dükanlarynyň birinde ýaňy-ýakynda goýun, geçi we düýe etiniň ýeňillikli söwdasynyň guramalaşdyrylandygyny habar berýär. Ýöne dükanyň öňünde uly nobatlaryň emele gelip, alyjylaryň wagtal-wagtal öz aralarynda ýakalaşmagy bu söwdanyň guramaçylygyna kölege saldy.
“Şäherde ýazgyda duran adamlara 1 kilogramdan çäkli möçberde goýun, geçi we düýe eti satyldy. Dükanyň öňünde uly nobatlar emele geldi. Nobatlarda ýakalaşyk ýüze çykdy, hatda hukuk goraýjylar hem adamlary aralamaga çekindi” diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy soňky 10 gün çemesi wagt bäri şäherdäki hususy et dükanlarynyň ençemesiniň işlemeýändigini habar berýär. Bu aralykda sygyr etiniň bahasy 100 manatdan hem geçipdir.
Ýerli telekeçiler häkimiýetleriň etiň bu görnüşiniň resmi bahasynyň 80 manatdan ýokary geçirilmezligini talap edýändiklerini aýdýarlar.
“Bu baha gassaplaryň zyýnanyna bolýar” diýip, ýerli telekeçiler aýdýar.
Türkmenistanda et üpjünçiligi bilen bagly aladalar soňky birnäçe aý bäri güýçlenip dowam edýär.
Martyň başlarynda Lebap welaýatynda sygyr eti 80-82 manada gymmatlady. Şondan bir hepde çemesi wagt soňra, Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde iň arzan süňksüz sygyr etiniň bahasynyň 90 manada çenli ýokarlandyrylandygyny habar berdiler.
Et üpjünçiligi bilen bagly problemalar ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Balkan welaýatynyň birnäçe etrabynda soňky aýlarda iri şahly mallaryň arasynda näbelli keselçiligiň ýaýrap, olaryň köpçülikleýin gyrylmagy barada ýygjamlaşýan habarlaryň yz ýanyna gabat gelýär.
Şeýle habarlaryň fonunda, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylary martyň ortalarynda Baýramaly etrabyndaky käbir et dükanlarynda bir kilesiniň bahasy 50-60 manatdan pes hilli süňksiz jylka etleriň satuwa çykarylandygyny habar berdiler. Ýerli ýaşaýjylar bu etleriň hiline we gelip çykyşyna alada bildirdiler. Käbir satyjylar bu etleriň Hindistandan getirilen gäwmiş eti bolandygyny öňe sürdüler.
Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan maldarçylyk hojalyklarynyň işinden habarly bir çeşme bu pudakda ýerli etiň eksportyny azaltmak boýunça teklipleriň gozgalýandygyny habar berdi.
Balkan welaýatyndaky habarçymyz hem ýerli çeşmelere salgylanyp, et önümleriniň daşary ýurtlara satylmagy boýunça käbir teklipleriň işlenilip düzülýändigini habar berýär.
“Türkmenistanyň Söwda ministrligi et önümleriniň daşary ýurtlara çykarylmazlygy boýunça prezidentden rugsat almaga çalyşýar” diýip, söwda pudagyndan habarly çeşme aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýurduň söwda resmilerinden teswir alyp bilmeýär. Bu mesele bilen baglylykda Söwda ministrligi bilen habarlaşmak synanyşygymyz netije bermeýär.
Türkmenistanyň Statiska baradaky döwlet komiteti, Söwda ministrligi ýa-da beýleki döwlet edaralary ýurduň et önümçiligine degişli import-eksport maglumatlary köpçülige elýeter etmeýär.
Ýöne Bütindünýä bankynyň sanlaryna görä, Türkmenistan soňky sapar 2022-nji ýylda Hindistandan umumy bahasy 6,5 million dollar çemesi bolan 2300 tonna töweregi et satyn alypdyr. Şol ýylyň dowamynda Birleşen Arap Emirliklerinden hem ýarym million dollar çemesi töleg tölenip, 47 tonna et satyn alnypdyr. 2023-nji ýylda Türkmenistan, Bütindünýä bankynyň sanlaryna görä, diňe Birleşen Arap Emirliklerinden et satyn alnypdyr. Ýöne 2024-nji ýylda bu ýurdup et satyn alýan ýurtlarynyň hataryna Braziliýa we Türkiýe goşulypdyr. Şonda Braziliýadan bahasy 3,5 million dollar çemesi bolan 1000 tonna töweregi et satyn alnypdyr.
Türkiýeden satyn alnan etiň möçberi ýarym tonnadan hem geçip bilmändir.
Ýaňy-ýakynda hökümetçi neşirleriň Gürjüstanyň statistika edarasyna salgylanyp çap eden sanlaryna görä, Türkmenistan 2024-nji ýylda bu ýurtdan 11,4 million dolla çemesi guş etini we goşmaça et önümlerini satyn alypdyr.
Resmi sanlarda ýa-da metbugat habarlarynda Türkmenistanyň et satýan ýurtlary barada maglumat tapdyrmaýar.
Döwlet mediasy soňky ýyllarda Türkmenistanda maldarçylyk toplumlarynyň ösdürilýändigini, olarda iri we ownuk şahly mallaryň idedilip, ýurt boýunça mallardan alynýan önümleriň artdyrylýandygyny aýdýar. Ýöne bu ýagdaý et söwdasyna onçakly täsir etmeýär.
“Balkanda süňkli göläniň eti 100 manada çykdy. Bu baha dollaryň resmi kursy boýunça 30 dollara golaýlaýar. Şeýle bolanda, etiň bahasy, meselem, Birleşen Ştatlar bilen deňeşdirilende Türkmenistanda iki esse gymmat bolýar” diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar. Walýutanyň gara bazar bahasy boýunça hasaplananda, Türkmenistanda bir kilogramyň etiň bahasy bäş dollar çemesi bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.