26-njy iýulda Russiýada ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Narwa derýasy arkaly ýüzüp, rus-eston serhedini bikanun geçipdir.
Ony Estoniýaly serhetçiler “Dostluk” köprüniň golaýynda saklady diýip ERR neşiri ýazýar.
1995-nji ýylda doglan erkek raýaty 5 ýyllap Estoniýa girmek gadaganlygy bilen Russiýa berdiler.
Adam hukuklary boýunça “Memorial” merkeziniň anyklamagyna görä, serhedi bozan, 26 ýaşly Ahmet Jumadurdyýew bolup, ony Türkmenistanda dini äheň bilen yzarlaýarlar.
Ony serhedi bikanun bozanlykda aýyplap tutdylar.
Sud 28-nji iýulda boldy we onuň netijeleri barada entek maglumat berilmeýär.
“Memorialyň” maglumatyna laýyklykda, Jumadurdyýew 2013-2017-nji ýyllarda Russiýanyň Leningrad welaýatynyň Iwangorod gumanitar-tekniki insititutynda okady.
2017-nji ýylyň 6-njy dekabrynda ony Leningradyň Pulkowo howa meýdanyndaky serhet barlagynda tutdylar. Çünki, türkmen häkimiýetleri Ahmediň bikanun dini toparyna gatnaşygy bar işi boýunça oňa halkara gözleg yglan edipdi.
Russiýanyň prokuraturasy Jumadurdyýewi Türkmenistana bermäge esasyň ýokdugy üçin 1 ýyldan soňra ony wagtlaýyn tussaglykdan boşatdy.
Emma, merkeziň ýazmagyna göra, Ahmede baş pena bermekden ýüz öwürdiler we onuň Rusýada galmagy kadalaşdyrylmadyk ýagdaýa öwrüldi.
Jumadurdyýewiň umumy ýaşaýan jaýynda bile ýaşaýan we Türkmenistandan gelen tanyşlaryny soraga çekip, onuň Estoniýadan baş pena soramagy göz öňünde tutup-tutmandygyny anyklmaga çalyşýarlar. Olaryň käbirine Rusýadan deportasiýa edilmek haýbaty atylypdyr diýip merkez belleýär.
Belli bolşuna görä, 2017-nji ýylda Ahmet Pulkowo howa meýdanynda tutulanda, onuň bilen birlikde dogany Arslan Jumadurdyýewi hem tutupdylar.
Arslany galplaşdyrylan dini ekstremizmde aýyplap, 25 ýyl azatlykdan mahrum etdiler.
Türkmen häkimiýetleri “ekstremistler” hökmünde 2017-nji ýylda Sankt-Petergburgda we Leningrad welaýatynda 11 sany studente gözleg yglan edipdi.
Olaryň ikisi watanyna dynç alyşa gelenlerinde, tussag edilipdi we 15 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.The post Estoniýanyň serhetçileri rus-eston araçägindäki derýadan ýüzüp geçen Türkmenistanyň raýatyny tussag etdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.