Adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkeziniň Merkezi Aziýa programmasynyň başlygy Witaliý Ponomarýew 26 ýaşyndaky türkmen raýaty Ahmet Jumadurdyýewiň Orsýetdäki kazyýet diňlenişiginiň 22-nji sentýabrda başlanandygyny habar berýär.
A.Jumadurdyýew şu ýylyň iýul aýynda serhetýaka derýasyny kesip, Orsýetden Estoniýa gaçmaga synanyşanda, eston serhetçileri tarapyndan saklanyp, gaçybatalga soramak baradaky proseduralara şert döretmezden, bikanun ýagdaýda rus häkimiýetlerine tabşyryldy diýip, düýbi Moskwada ýerleşýän gurama ýazýar.
Hukuk topary A.Jumadurdyýewiň Türkmenistanda dini sebäpler esasynda gözlenilýän adamlaryň sanawyna girizilendigini, onuň doganynyň şu sebäpler esasynda 25 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini belleýär.
Leningrad oblastynyň Kingisep şäher sudunda sud edilýän türkmen raýaty Russiýanyň jenaýat kodeksiniň 322-nji maddasynyň 1-nji bölegi esasynda aýyplanýar, kazyýetiň saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, onuň indiki diňlenişigi 1-nji oktýabrda geçiriler.
Türkmen diasporasynyň wekilleri gaçybatalga gözleýän adamyň Türkmenistana zor bilen iberilmek ähtimallygyndan alada bildirýärler.
A.Jumadurdyýew 2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň ekstradisiýa edilmegi baradaky haýyşy esasynda bir ýyl deslapky tussaghanada saklandy, ýöne soňra prokuraturanyň karary bilen boşadyldy.
Şeýle-de bolsa, onuň Russiýadaky kanuny statusy häzire-bu güne çenli kadalaşdyrylman gelýär.
Türkmenistanda dini sebäpler esasynda, ýapyk kazyýet işlerinde uzak möhletli azatlykdan mahrum edilen raýatlaryň köpüsiniň, günälerini boýun almaklary we başgalara garşy görkezme bermekleri üçin, deslapky tussaghanalarda agyr gynalandygy, käbiriniň soň tussaglykda ölendigi habar berilýär.