29-njy iýunda Estoniýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde kiberhowpsuzlyk mowzugy boýunça ýokary derejeli mejlis geçirer. Bu barada Baltika respublikasynyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi. Muny TASS ýetirýär.
BNS agentligi tarapyndan ýetirilýän habara görä, onlaýn mejlisi premýer-ministr Kaýa Kallas geçirer, Bütindünýä guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary, ýaragsyzlandyrmak meseleleri boýunça ýokary wekil Idzumi Nakamisu bolsa umumy doklad bilen çykyş eder.
Habarda bellenilişi ýaly, kiberhowpsuzlyk meselesi Estoniýanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy hökmünde ileri tutýan ugurlarynyň biridir.BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi bäş sany hemişelik agzadan (Russiýa, Beýik Britaniýa, Hytaý, ABŞ, Fransiýa) we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki ýyllyk möhlete saýlanýan 10 wagtlaýyn agzadan ybarat.
Estoniýa 2020-2021-nji ýyllarda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn agzasydyr.