Eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşaýan bagtly ene

Her ýylyň 1-nji oktýabry ýurdymyzda ýaşulylar güni giňden bellenilýär.Peder ýolyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladasy bilen il sylagly ýaşulylarymyza, kümüş saçly enelerimize uly sylag hormat goýulýar. Ýurdymyzda ýörite ýaşulylar güniniň bellenilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdymyzda hasydyr bir işiň başy başlananda elmydama ýaşuly nesliň wekillerine sala salynýar, olaryň bismillasy bilen başlanýar. Ýaşulylarymyz, kümüş saçly enelerimiz öýlerimiziň töriniň gelşigi bolmak bilen maşgalada görelde mekdebi bolup durýar. Öý ojagynyň söýesi ogul-yzlarynyň, agtykdyr, çowluklarynyň bagtyna guwanyp ýaşaýan mährem enelerimiz Köneürgenç etrabynda hem näçe diýseňem bar. Şolaryň hatarynda kümüş saçly ene Köneürgenç etrabynyň Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy Käbiş Annabaýewa. Ýakynda biz mährem enäni baýramçylygyny gutlamak üçin bu döwletli ojakda myhmançylykda bolduk.

Güler ýüz bilen mähirli garşylan bu enäni görenimizde tüweleme diýenimi duýman galdym. Ýaşy 80-den geçen aglaba eneler gözi kütelşen, bili bükilip, eli hasaly ýöreýän bolsa bu enemiz bu zatlardan daşda eken.

Sekiz perzendi bäş ogly, üç gyzy kemala getirip, 82 ýaşy arka atan mährem ene diýseň ýeňil gopýar.

Ýaşy ulular bilen söhbetdeş bolmagyň özi hem hemmeler üçin örän ýakymly bolsa gerek. Tanyş bolsun, bolmasyn uludan kiçi hemmesiniň ýagdaýny soraşmagynyň, salamlaşmagynyň özünde uly many bar. Mähirli salam älikden soň mährem ene bilen söhbetdeş bolanymyzda şeýle gürrüň berdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ saýasynda biz eneler diýseň bagtyýar durmuşda ýaşaýarys.Halkymyz agzybir, ýurdumyz abadan, asmanymyz asuda, elimiz uzadan ýerine ýetýär.Okajakmyň, işlejekmiň döwletimizde ähli mümkinçilikler bar.Perzentlerimiň her biri ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler, mugallymdyr, hasapçy, ykdysatçy ýaly kärleri saýlap alan ogul gyzlarym ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Men özimä ýaşlykdan tikiçi boldum.Tikin tiker, nepis el işlerini ýakadyr alajalary örerdim.Häli güne çenli öz geýjek köýneklerimi özim tikýärin, el işlerini gyzlarym edýär.Uly gyzym Ogulbäbek mugallym.

Işiniň gapdalynda meň kärimi dowam etdirýär.Tikin tikýär, keşdedir, gaýma ýaly el işlerini edýär.Häzirki wagtda türkmen keşdeçilik sungaty barha kämilleşýär.Islendik gelin-gyzlarymyzyň geýen köýnekdir, ýeňsizlerini göreniňde şeýle bir owadan-dan inçe, nepis el işlerine göziň düşýär.

Muňa men diýseň begenýärin. Çünki ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriň ýaşlarymyz tarapyndan dowam etdirilýändigi diýseň ýakymly.Men hem häli şindi agtyk gyzlarama-da el işlerini öwredýärin, diýip sekiz onlugy arka atan ene gürrüň berýär.

Käbiş enäniň aýdyşyna görä, tut ýaly jan saglyk isleýän bolsaň köp zähmetden, hereketden gaçmaly däl.Gürrüňimiziň dowamynda Käbiş daýza düýn gelni Jahan bilen tamdyr salandygy barada hem aýdyp geçdi.

Tamdyr salmak hem köp zähmeti talap edýär.Külal tamdyryň daşyna kesek örmek, suwamak ýaly işler aňsadam däl.Käbiş ene häli-şindi öýüniň öňündäki kiçiräk ýere gül-gunçalary özi eker, suw geljek salmalary gyrmançalardan özi arassalar eken.

Bu işleri öziniň etmegi mährem enäniň sagdyndygyny görkezýär.Bagtyýar durmuşuň hözirini görip ýaşaýan ene 19 agtygynyň, 3 çowlugynyň bagtyna guwanyp olara halal ýaşamagy, il güne wepaly, zähmetsöýer bolup ýetişmekligi üçin öziniň gymmatly maslahatlaryny berip ýaşaýar.

Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Milli mirasymyz egsilmez baýlygymyz“ atly duşuşyk geçirildi
Daşoguzdaky tikin fabrigi okuwçy tahýalaryny tikip başlady
SERGI GURNALDY
Ýatkeşligi ösdürmegiň usullary
Kim, haçan oýlap tapdy?
Bereket şäherindäki kärhanada 16 million manatlykdan gowrak tikin önümleri öndürildi