Meşhur ESPN neşiri 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebanyny yglan etdi diýip, cursorinfo.co.il habar berýär.
Neşire görä, 2020-nji ýylda dünýäniň iň gowy derwezebany diýlip, "Bawariýanyň" hem-de Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň derwezesini goraýan Manuel Noýer saýlandy.Reýtingde ikinji ýerde "Liwerpulyň" derwezebany Alisson Bekker, üçünji ýerde bolsa, "Atletikonyň" derwezebany Ýan Oblak ýerleşdi.
ESPN neşirine görä, ýylyň iň gowy 10 derwezebany şulardan ybarat: Manuel Noýer (Bawariýa); Alisson Bekker (Liwerpul); Ýan Oblak (Atletiko); Mark-Andre Ter-Ştegen (Barselona); Tibua Kurtua (Madridiň "Realy"); Ederson (Mançester Siti); Keýlor Nawas (PSŽ); Janluiji Donnarumma (Milan); Samir Handanowiç (Inter); Deýwid De Gea (Mançester Ýunaýted).
Belläp geçsek, Manuel Noýer Çempionlar ligasyndaky oýunlarda ýeňiş gazanmak boýunça Ronaldunyň rekordyny täzeledi.