Esger filmi prokata üstünlikli başlady

Esger filmi prokata üstünlikli başlady

Ýylyň başynda prokatda uly girdeji gazanan Pathan filminden soňra, Bolliwudyň ýyldyzy Şah Rukh Khan Esger atly täze filmi bilen ýene daşary ýurtlarda rekord derejede kassa ýygymlaryny toplaýar diýip, Kinobusiness.com habar berýär. Aktýoryň täze filmi geçen penşenbede prokata çykyp, 15,3 million dollar gazandy, bu hindi kinosy üçin aňrybaş rekorddyr.

Tamil we telugu dillerine terjime edilen film ýurduň içinde birinji günde 900 million rupiýa ýa-da 10,83 million dollar gazandy.

Esger ýene 4,5 million dollar kassa ýygymyny daşary ýurt prokatynda gazandy, Awstraliýada ilkinji gününde film prokatda öňdeligi eýeläp, 255 müň dollar, Amerikada prokatda ikinji orny eýeläp, 1,36 million dollar gazandy. Kinotankytçylaryna-da, tomaşaçylara hem film ýaraýar diýip, neşir habar berýär.

Býujeti 37 million dollar bolan film kinoteatrlara çykmanka, çykdajylaryny ödedi, onuň sazyna hukuk 360 million rupiýa satyldy.

Filmde baş keşpleri Şah Rukh Khan, Dipika Padukone, Wijaý Setupati ýerine ýetirýärler.

Ýene degişli makalalar

Ýuriý Nikulini neýroulgamyň kömegi bilen täzeden janlandyrdylar
Brýus Uillisiň aýaly onuň bile düşen täze suratlaryny paýlaşdy
Jeki Çan fotosuratda tiz garramagynyň sebäbini düşündirdi
IMDB portaly ýylyň iň meşhur aktýorlaryny we filmlerini yglan etdi
Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar
Söhbediň aýdymy bilen adygan