Resmi saparlaryň taryhy ähmiýeti
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň ulgamynda giň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylda Özbegistan Respublikasyna, Kuweýt Döwletine, Täjigistan Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, ABŞ-a, Russiýa Federasiýasyna amala aşyran saparlary, milli Liderimiziň ýokary derejede geçirilen maslahatlara gatnaşmagy, ýurdumyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Aşraf Ganiniň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň saparlary munuň aýdyň subutnamasydyr.13-15-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlary boldy.
Kuweýt Döwletine sapary Emiriň Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň çagyrmagy boýunça amala aşyryldy.Türkmen Lideriniň Aziýanyň günorta-günbataryndaky bu arap ýurduna sapary soňky ýyllarda däp bolan dostluk hem-de özara hormat goýmak gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara syýasy gepleşikleriň ýokary derejesini has-da berkitdi.27-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşyklaryň barşynda goňşy ýurtlaryň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, geljegi has uly hyzmatdaşlygyň düýpli ugurlaryny anykladylar hem-de sebit we halkara derejeli möhüm meselelere garadylar.2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary boldy.
Gepleşikleriň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew ozal gazanylan we uzak möhletleýin ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn birnäçe resminamalara gol çekildi. Özbek paýtagtynda Aşgabat seýilgähiniň açylmagy goňşy ýurtlaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrdy.20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynda BMG tarapyndan yglan edilen “2018 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Duşenbä iş saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany Abdulla Abdulla hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.12-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine iş saparyny amala aşyrdy, milli Liderimiz ol ýerde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitine gatnaşdy.Türkmenistanyň Prezidentiniň çagyrmagy boýunça 2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana resmi sapary boldy.
Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikler wagtynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara giňişlikde arkalaşykly hereket etmegiň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça netijeli pikir alşyldy.Prezidentler meseleleriň giň toplumy boýunça özara düşünişmegiň gazanylandygyny bellediler.Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň DIM-niň wekiliýeti köp sanly daşary ýurt saparlaryny amala aşyrdy, olar Ýaponiýada, Ýewropa Bileleşiginde we dünýäniň beýleki ýurtlarynda boldular. Şol saparlaryň çäklerinde geçirilen syýasy geňeşmeler döwletara gepleşikleriň ösdürilmegine saldamly goşant goşdy.