Erzurum Gagat Daşy

Erzurum Gagat Daşy

Türkiyäniň Gündogar Anadoly sebitindäki iň uly şäherleriň biri bolan Erzurum şäheri, esasan hem tesbi we bezegleriň ýasalmagynda ulanylýan we adyny Oltu etrabyndan alýan Oltu ýagny Gagat Daşy bilen giňden tanalýar.

Sebitde “Gara Ýantar” diýip hem atlandyrylýan Gagat daşy, Oltu etrabynyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2012-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.Gagat daşy, arça agajynyň galyndylarynyň ýeriň aşagynda gatamagy netijesinde emele gelýär.

Gagat daşynyň iň täsir galdyryjy aýratynlygy, ýerden çykarylanda gaty ýumşak bolmagy, howa täsir etmänkä bu ýumşaklygyny gorap saklamagy we howa bilen täsirleşme tapgyryna girende bolsa gatylaşmagydyr.Bu aýratynlygy sebäpli Gagat daşyny gaýtadan işlemek aňsat, emma gaýtadan işlenilende howa bilen täsirleşmek arkaly gatylaşýar we ulanylanda şöhle saçýar.

Gagat daşy adatça gara, käwagt goýy goňur, seýrek ýagdaýda çal we ýaşyl reňklerde hem bolýar.Magdan känlerinde galereýa diýlip atlandyrylýan ownuk karýerlerden adamlaryň zähmeti bilen kynçylyk bilen çykarylýan Gagat daşy, esasan hem tesbi ýasamakda ulanylýar, emma näzik gurluşy sebäpli, gaýtadan işlemek güýçli zähmeti we ussatlygy talap edýär.

Gagat daşy beden bilen gatnaşyga girse, negatiw energiýany ýok edip, stressi azaldýar diýip hasaplanýar.Agyryny ýeňilleşdiriji aýratynlygy sebäpli Gagat daşy alternatiw lukmançylyk pudagynda migren keseliniň bejergisinde ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri TOPH taslamasy üçin wagtlaýyn port gurmak taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar
Etniki özbek azlyklarynyň wekilleri öz ene dillerinde bilim almak hukuklaryny talap edýär
Hytaýda magdan käninde partlama boldy
Bir asyra ýetjek magdan tapyldy
Owganystan Amyderýanyň kenarynda nebit çykaryp başlady
Mart Aýynda Senagat Önümçiligi Artdy
Owganystan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady