Erzinjan Kemaliýe Dokmaçylygy

Erzinjan Kemaliýe Dokmaçylygy

Türkiyäniň Gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän Erzinjan şäheriniň Kemaliýe etraby dokmaçylygyň özboluşly görnüşleriniň birine öz adyny berdi.Kemaliýe Gazenne dokmaçylygy ady bilen hem tanalýan we 100 göterim pagta ýüplüginden öndürilýän dokmaçylygyň bu görnüşi, Kemaliýe etrabynyň häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2023-nji ýylda Türkiyäniň özboluşly önümleriniň arasyna goşuldy.

Sebitde Gazenne sözi dokmaçylyga mahsus reňkli dik çyzyk nagyşlaryna berilýän atdyr.Dokmaçylykda ýüplügiň reňki esasan hem goýy gyzyl we goýy gök reňklerdedir, emma ulanylýan ýerine görä benewşe, sary, gyzyl, ýaşyl ýaly reňkli ýüplükler hem dik çyzyk nagyşlary emele getirilip biliner. Önümçilik tapgyrynda tegeklere soralan görnüşde alynýan ýüplükler, dokma abzallarynyň gyrasynda ýerleşýän we ýüplükleriň deň dartgynlykda, biri-birine paralel we kadaly durmagyny üpjün edýän bölegine ýerleşdirilýär.

Ussatlygy talap edýän we elde dokalýan dokma tapgyrynda, abzallaryň “el çek” we “aýak çek” diýip atlandyrylýan mehaniki bölekleri bilen dokma abzaly hereket etdirilýär. Öndürilen dokma görnüşleri islege laýyklykda hyna gijesinde geýilýän köýnekler, gündelik egin-eşikler, hammam geýimi, ýassyk daşy, örtüm, saçak we ýaglyk ýaly önümleriň önümçiliginde ulanylýar.

Dokmaçylygyň ulanylyş ýeri hem önümçilikde ulanyljak ýüplügiň ýumşak ýa-da gatydygyny kesgitleýän iň esasy faktor.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Sakarýa Ýeňişiniň 103 Ýyllygy Bilen Gutlady
Şu gün 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy
Prezident Erdoganyň 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bilen bagly gutlagy
Prezident Erdogan Ýaşlar Bilen Duşuşyk Geçirdi
Prezident Erdogan Çagalary Kabul Etdi
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi