Hindistan 4-nji iýulda wirtual görnüşde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň netijeli boljakdygyna bil baglaýar. Bu barada Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Arindam Bagçi žurnalistler bilen bolan duşuşykda aýtdy.
-Biz ŞHG boýunça hyzmatdaşlarymyza 4-nji iýulda geçiriljek sammitiň wirtual görnüşi barada habar berip, isleg bildirýänleriň goşulyp biljekdigini habar berdik. Sammitiň oňat netijeleri berjekdigine we üstünlikli boljakdygyna ynanýarys diýip, Bagçi belledi.
Bagçiniň aýtmagyna görä, Nýu-Deli bu maslahaty öňki ýyllaryň tejribesine esaslanyp, onlaýn görnüşde geçirmek kararyna geldi. – Soňky birnäçe ýylyň içinde köp çäreleriň wirtual görnüşde geçirilendigini köpler bilýär. Ähli ýagdaýlary göz öňünde tutup, ŞHG-niň sammitini 4-nji iýulda geçirmegi makul bildik. Häzirki wagtda oňa ýokary depginde taýýarlyk görülýär diýip ol belledi.
Golaýda Hindistanyň Daşary işler ministrligi ŞHG-niň sammitiniň 4-nji iýulda Hindistanyň Premýer-ministri Modiniň ýolbaşçylygynda wirtual görnüşde geçiriljekdigini aýtdy. “ŞHG-ä agza ähli ýurtlar oňa gatnaşmaga çagyryldy.Mundan başga-da, Eýran, Belarus we Mongoliýa synçy hökmünde çagyryldy.
Türkmenistan myhman hökmünde çagyrylýar. ŞHG-niň iki edarasynyň ýolbaşçylary ŞHG-niň sekretariaty we ŞHG RATS hem bu maslahata gatnaşar.Mundan başga-da, BMG, ASEAN, GDA, CSTO, EAEU we CICA ýaly halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary onlaýn maslahata çagyryldy” diýlip Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.
Onlaýn görnüşde geçiriljek sammitiň esasy temasy howpsuzlyk, ykdysadyýet we daşky gurşaw ýaly meselelerden ybarat boljakdygy habar berilýär.