Ertir “COP28” öz işine başlar

Ertir Dubaýda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň 28-nji konferensiýasy COP28 öz işine başlar.Howanyň goragy boýunça dünýädäki öňegidişlige baha bermek üçin, COP konferensiýasyna gatnaşýan delegatlar “netijeleri jemlemegi” gün tertibine girizdiler.

Bu çäre şu güne çenli gazanylan üstünlikleri, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine garşy göreş tagallalaryny öz içine alýar.Bu netijeler ilkinji gezek COP28 konferensiýasynda jemlener.Onuň barşynda howa maksatlaryna tarap ösüşe baha bermek we zerur ädimleri kesgitlemek üçin konwensiýa gatnaşyjy döwletleriň we beýleki gatnaşyjylaryň öňki tagallalary we netijeleri öwreniler.

Global ýylylygy senagatdan öňki derejeden 1,5 dereje çenli çäklendirmek boýunça Parižiň klimat maksatlaryna ýetmek henizem käbir tagallalary talap edýär. Maglumatlara görä, klimat çökgünliginiň öňüni almak üçin dünýä howa goýberilýän zyňyndylary has-da azaltmaly we hatda 2030-njy ýyla çenli iki esse azaltmaly bolar.

COP çarçuwaly konwensiýa gatnaşýan 198 döwleti öz içine alýar.Döwlete degişli däl guramalaryň 3 müňden gowragy synçy derejesine eýe.COP-yň işine BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň merkezi Bonnda ýerleşýän sekretariaty (United Nations Framework Convention on Climate Change, UNFCCC), ýolbaşçylyk edýär.

Bütindünýä howa konferensiýasy 30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS
Turkmenistan and the United Nations are committed to long-term cooperation
Türkmen wekiliýeti Dubaýda Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy
A meeting of the Council of Ministers of Foreign Affairs of the CIS member states was held in the form of a video conference
A meeting of the Council of Ministers of Foreign Affairs of the CIS member states was held in the form of a video conference
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy