ERTEKILERIŇ TÄSIN DÜNÝÄSINDE

ERTEKILERIŇ TÄSIN DÜNÝÄSINDE

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki Ýaşlyk çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Ertekileriň täsin dünýäsinde ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi barada belläp geçdiler. Çagalaryň tomus paslynda ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän ajaýyp binalarda dynç alyş günlerini, wagtlaryny şadyýan geçirip, saglyklaryny berkidýändikleri şeýle-de körpe nesilleriň terbiýesinde ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hem-de çagalar köp kitap okamak bilen gözýetimleriniň, dünýä garaýyşlarynyň giňelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda çagalaryň okan kitaplary, ertekileri, goşgulary barada sorag-jogap alşyldy we olar tapmaçadyr, matallary çözmekde özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
Çagalar üçin Ertekiler dünýäsi atly täze kitap çapdan çykdy
Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsert guralar
ERTEKILERIŇ GAHRYMANLARY BILEN TANYŞ BOLALYŇ!
ERTEKILER DÜNÝÄSI-JADYLY DÜNÝÄ