ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI

ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki Altyn ýyldyz çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Ertekileriň jadyly dünýäsi ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde bagtyýar körpeleriň dynç alyş ýerleriniň biri bolan Gökdere jülgesi, tomsuň iň bir gyzgalaňly, şadyýan günlerini başdan geçirýän ýaş nesillerimiz täsin wakalar, gyzykly pursatlar bilen ýüzbe-ýüz bolup, öz deň-duşlary bilen wagtlaryny şadyýan geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gökdere jülgesinde her ýylda bolşy ýaly dürli aýdym-sazly medeni, sport çäreleri we göçme kitap sergileri dynç alýan çagalarda has-da uly täsir galdyrýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda körpe nesillerimiziň hyjuwdan doly ýüreklerinde ajaýyp ýatlamalary galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

ERTEKILER DÜNÝÄSI-JADYLY DÜNÝÄ
ERTEKILERIŇ GAHRYMANLARY BILEN TANYŞ BOLALYŇ!
ERTEKILERIŇ TÄSIN DÜNÝÄSINDE
ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy