ERTEKILERIŇ GAHRYMANLARY BILEN TANYŞ BOLALYŇ!

ERTEKILERIŇ GAHRYMANLARY BILEN TANYŞ BOLALYŇ!

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki Şöhle çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Ertekileriň gahrymanlary bilen tanyş bolalyň! ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda körpe nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlarynyň şadyýan we gyzykly geçirmekleri ugrunda uly aladalar edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de tomusky dynç alyş döwründe çagalara dürli mazmundaky kitaplary okap berip, olaryň gözýetimini giňeldip, çagalar üçin niýetlenen ertekilerde, gysgajyk hekaýalarda beýan edilýän gahrymanlaryň keşbi janlandyryp, ýaş nesillerimizde zähmete bolan asylly endikleri kemala getirýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda Şöhle çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan körpelerimiz bilen tapmaçalar, matallar arkaly birnäçe sowal-jogaplar alşyldy.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

ÇAGALARYŇ BAGTYÝAR PURSATLARY
Arkadag şäherinde 4-lük belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy
Berdi Kerbabaýewiň “Japbaklar” atly kitabyndan
“Gülle medeniýetim sungatym meniň”
“Magtymguly Pyragy - ynsan kalbynyň öçmejek nury”
Görnükli gündogarşynasyň türkmenler barada gündeliginde galdyran ýatlamalary