“Ertekiler ummanyna syýahat”

“Ertekiler ummanyna syýahat”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indaki kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Ertekiler ummanyna syýahat” ady bilen sergi gurnaldy we çeper okaýyş geçirildi. Çärede çagalara ”Ejekejan”, “Ýartygulak”, “Küýze we tilki”, “Akylly Ahmet”, “Akpamyk” ýaly birnaçe türkmen halk ertekileri kitaplaryndan ertekiler okap berildi.

Okalan ertekileriň many mazmuny boýunça çagalar bilen sorag-jogap alyşdylar. Çagalara her bir ertekidäki gowy häsiýetli gahrymanlaryň häsiýetlerini özlerine kabul edip almalydygy, şol ertekilerde gürrüň berilýän wakalardaky gahrymanlar ýaly ak göwünli, zähmetsöýer, päk ahlakly, agzybir, Watana wepaly, ene-ata hormat goýýan, ulyny sylap, kiçini hormatlaýan, ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmelidigi düşündirildi. Şonuň ýaly-da kitap okamagyň adam durmuşyna edýän täsiri barada çagalara giňişleýin gürrüň berildi. Çäräniň ahyrynda çagalary abadan we bagtyýar durmuşda ýaşadýan , olaryň zehin başarnyklaryny ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

“Ertekiler dünýäsine syýahat”
“Ertekiler dünýäsi jadyly dünýä”
15.12.2019 | Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy
Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy
“Dostlugyň jadylygy” halkara onlaýyn bäsleşiginde Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaş suratkeşleri ýeňiji boldular
8-10-njy noýabr aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary