“Ertekiler dünýäsine syýahat”

“Ertekiler dünýäsine syýahat”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Ertekiler dünýäsine syýahat” ady bilen sesli okaýyş geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri, şeýle-de çagalaryň dynç alyş möwsümini şatlykly-şowhunly geçirmekleri üçin, birnäçe işleriň durmuşa geçirilýänligini bellemek bilen ýurdumyzyň iň bir gözel künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen çagalar dynç alyş merkezlerinde bagtyýar ýaşlaryň joşgunly sesleri belentden-belent ýaňlanyp, bu ýerde orta mekdeplerden gelen çagalar öz deň-duşlary bilen dostlaşyp, hem-de dürli täze-täze oýunlary öwrenip, goşgudyr aýdymlary ýat tutup, tomusky dynç alyş möwsümini ýatdan çykmajak pursatlara beslenýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda kitaphanaçylar, ýaş nesillere bagyşlanan “Türkmen halk ertekileri” kitabyndan birnäçe gyzykly ertekileri okap berdiler.

Çäräniň ahyrynda Bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

ERTEKILERIŇ GAHRYMANLARY BILEN TANYŞ BOLALYŇ!
ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI
ERTEKILERIŇ TÄSIN DÜNÝÄSINDE
ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI
ERTEKILER DÜNÝÄSI-JADYLY DÜNÝÄ
'Ýaşlar gazabyny bir-birinden çykarýarlar'. Aşgabatda ýene-de köçe urşy boldy
Gülki bolan tilki