Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde Ertekiler dünýäsine gezelenç ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Soňra bolsa çagalaryň arasynda gyzykly täsirli sorag-jogap alyşmak bilen dowam edildi. Şeýlede Ertekiler dünýäsine gezelenç atly kitap sergisi gurnaldy.
Dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.