Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, Kipriň Grek böleginiň lideri Nikos Hristodulidis bilen duşuşdy.
Ara zolakda bolan duşuşyga BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili we Kiprda iş alyp barýan BMG-nyň Parahatçylyk güýjüniň ýolbaşçysy Kolin Stewart hem gatnaşdy.
Tatar bilen Hristodulidisiň duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gümrük geçelgeleri bilen birlikde birnäçe mesele hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar duşuşykdan soň beren beýannamasynda, Kipriň Grek böleginiň lideri Hristodulidise Haspolat gümük geçelgesi bilen birlikde Akynjylardan hem bir gümrük geçelgesiniň açylmagyny teklip edendigini, Kipriň grek böleginiň hem raýatlary üçin Kirajyökeýden we Erenköýden ýagny DKTR-nyň territoriasyndan geçmeklerini talap edendigini aýtdy.
Tatar, Kipriň Grek böleginiň lideri bilen 10-njy fewraldan öň gaýtadan duşuşjakdyklaryny we meseläni giňişleýin ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny belledi.
Kipriň Grek böleginiň lideri Hristodulidis hem duşuşykdan soň beren beýannamasynda, duşuşykda geçelgeler we beýleki ugurlar boýunça 8 maddalyk teklip hödürländiklerini ýatlatdy.