Ersin Tatar BMG-nin 79-njy Sessiýasynyň çäginde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine guran saparyndan gaýdyşyn Erjan adyndaky howa menzilinde beýannama berdi.
Tatar BMG-niň guramagynda Türkiýäniň, DKTR-nyň, Gresiýanyň we Kipriň grek böleginiň resmileriniň gatnaşmagynda 4+1 formatynda geçiriljek maslahatda Kipriňb geljegi hakynda geňeşme şertiniň ýüze çykyp biljekdigini aýtdy.
Kipriň türk tarapynyň özygtyýarlylyk, deňlik we deň derejeli halkara hukuk derejesi kabul edilmese, resmi gepleşiklere başlanmajakdygyny ýene-de bir gezek nygtandygyny aýdan Tatar, BMG-niň Baş sekretary Guterrişe federasiýa depderiniň ýapylandygyny, federasiýa meselesiniň ortadan aýrylandygyny we kabul edilmejekdigini, bulara garamazdan aragatnaşygy dowam etdirjekdiklerini beýan etdi.
Kipriň türk halkyna goýulan embargolar we soňky döwürde grekleriň edýän gysyşlary hakynda BMG-niň dykkatyna ýetirendiklerini beýan eden Ersin Tatar: “BMG-niň Baş sekretary Guterrişin grek lideri bilen resmi däl naharda duşuşma teklibini kabul etdim. Ýagny, Kipr gepleşikleriniň çägine degişli bolmadyk resmi däl nahar teklibini “kabul etdim” diýdi.