Ersin Tatar Guterriş Bilen Duşuşdy

Ersin Tatar Guterriş Bilen Duşuşdy

Tatar nobatdaky duşuşygyň Türkiýäniň we Gresiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi boýunça ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy.

Ersin Tatar BMG-niň Ştab kwartirasynda Guterrişiň çakylygy boýunça gatnaşan resmi däl agşam naharyndan soň geçiren metbugat ýygnagynda soraglara jogap berdi.

Tatar: “Men täze strategiýa hödürledim, sebäbi 50 ýylyň dowamynda federal çözgüt tagallalary netijesiz boldy” diýdi.

DKTR-nyň özygtyýarly deňligi we halkara hukuk derejesi ykrar edilmese, gepleşiklere gatnaşmajakdygyny nygtan Tatar, embargolaryň we çäklendirmeleriň dowam etmeginiň ýaramaz netijelerini gün-tertibine getirendiklerini nygtap; “BMG-niň Baş sekretary bilen nobatdaky duşuşygyň Türkiýäniň we Gresiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi boýunça ylalaşdyk” diýdi.

Prezident Tatar, şol bir wagtda-da Günorta Kipriň grek dolanşygynyň lideri Nikos Hristodulidis bilen Kipr adasynda duşuşyp, täze gümrük geçelgeleriniň açylmagy hakynda pikir alyşmaga karar edendiklerini, talaplary ýerlikli bolan halatynda onuň iş ýüzüne geçjekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi
Ersin Tatar Guterrişiň Duşuşyk Teklibini Kabul Etdi
Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi
19-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we BMG-niň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň ösdürilişini maslahatlaşdylar