Ersin Tatar BMG-niň Baş Sekretarynyň Ýörite Wekili Bilen Duşuşdy

Ersin Tatar BMG-niň Baş Sekretarynyň Ýörite Wekili Bilen Duşuşdy

BMG-niň Baş Sekretarynyň Ýörite Wekili Maria Angela Hoşguin Suellary kabul eden DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar: “Pozisiýamyzyň üýtgemändigini BMG-niň dykgatyna ýetirdik” diýdi.

Bir sagada golaý dowam eden duşuşykdan soň žurnalistlere beýannama beren Tatar, Suellaryň täze we resmi geçmek üçin şertleriň bolup bolmandygyny öwrenmek üçin tapşyryk alandygyny ýatladyp; “Şertler bolmasa, duşuşyk we gaýtadan gepleşik tapgyrynyň başlamagynyň hiç hili manysy ýok” diýdi.

Ersin Tatar kolumbiýaly diplomat Suellaryň 6 aýlyk iş möhletiniň 5-nji iýulda gutarjakdygyna ünsi çekip, Suellaryň iş möhletiniň ahyrynda ýazjak habarnamasynyň obýektiw bolmalydygyny we hakykaty beýan etmelidigini aýtdy.

Stoluň başyna oturmak üçin Kipriň türk tarapynyň eýe bolunan hukuklaryň ykrar edilmelidigini nygtan Tatar, türk tarapynyň resmi gepleşikler üçin özygtyýarly deňlik we deňderejeli halkara statusynyň ykrar edilmeginden egilşik etmejekdigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Ersin Tatar ABŞ-da Saparda Boldy
Hakan Fidan Mariýa Angela Olgin Kuelýary kabul etdi
Merkel ýatlamalar kitabyny neşir etdirmekçi
Angela Merkel Parahatçylyk baýragyna mynasyp görüldi
Busenaz Sürmeneli Soňky Tapgyra Gatnaşmaga Hukuk Gazandy
“Ýüz Müňlerçe, Millionlarça Adamyň Ölmegini Islemeýän Bolsak, Gepleşikden Başga Ýol Ýok”