Ersin Tatar: "Ata Watanymyz Türkiyä minnetdardyrys" diýdi

Ersin Tatar: "Ata Watanymyz Türkiyä minnetdardyrys" diýdi

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen Lefkoşa şäherinde geçiren duşuşygyndan soň gurnalan metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

Türkiyäniň ähli platformalarda DKTR-na goldaw berýändigine ünsleri çeken Ersin Tatar: "Adalatsyz global gurşawda, Kipr türk halkynyň mahsus hukuklaryny kesgitlemek we özygtyýarly we deň halkara derejesini tassyklamak üçin uly göreş alyp barýarys.

Bu abraýly syýahatda her platformada bize goldaw berýän, ýanymyzda durýan we döwletimizi öňe sürmek we oňa mynasyp status bermek üçin ähli mümkinçiliklerini ulanýan ata watanymyza minnetdardyrys" diýip belledi.

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan: "Kiprde iki döwletli çözgütden başga çözgüdiň ýokdugyny hemmeler görýär" diýip nygtady.

Hakan Fidan: "Kiprli türkleriň 50 ýyl bäri sezewar galýan izolýasiýasy, adamzada garşy sessiz jenaýata öwrüldi. Onuň sessiz hyzmatdaşlary bar. Muny bilkastlaýyn ýa-da bilmän edýärler. Kipr halkynyň bu ýagdaýa az täsir almagy üçin elimizden gelenini edýäris. Soňky 50 ýylda adada hakykat emele geldi. Kiprde iki döwletli çözgütden başga çözgüdiň ýokdugyny hemmeler görýär" diýip habar berdi.

Hakan Fidan Demirgazyk Kipr bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirjekdiklerini belläp, Gresiýa bilen Türkiyäniň arasyndaky onyň syýasy gurşawyň adada oňyn täsir ýetirmegini isleýändiklerini beýan etdi.

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan: "Gresiýanyň, Türkiyäniň, DKTR-nyň we Kipriň Grek böleginiň bir ýere jemlenip, sebitimizde has gowy geljegi ýola goýmagymyz mümkin" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan DKTR-da Saparda Bolar
Hakan Fidan Gresiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan Telefon Söhbetdeşliklerini Dowam Etdirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Daşary Işler Ministri Fidan Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Siriýadaky wakalar barada beýanat berdi