15-nji iýunda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Şäher gurluşyk boýunça komitetiniň başlygy Armen Gularýany kabul etdi
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ermenistanyň şäher gurluşygy boýunça gürrüňdeşlik bolup geçdi. Şeýle hem taraplar iki döwletiň binagärlik-gurluşyk boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi Türkmenistanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, dürli maksatly täze desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny, şeýle hem häzirkizaman Arkadag şäheri barada aýdyp geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler Ministri R.Meredowyň adyndan Ermenistanyň Şäher gurluşyk boýunça komitetiniň başlygyna Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşyna gatnaşmak üçin çakylyk hatyny gowşurdy. Çakylyk haty uly hoşallyk bilen kabul edildi.