Ermenistanyň paýtagty Ýeriwan şäherinde geçirilen Ýewropanyň Howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy Parlamentar Assambleýasynyň açylyşynda çykyş eden Nikol Paşinýan: "Şonuň bilen birlikde iki ýurt tapawutly diplomatik dilde gürleşýändikleri üçin biri-birini düşenmekde kynçylyk çekýärler" diýip belledi.
Nikol Paşinýan iki ýurduň arasyndaky Daglyk Garabag sebäpli uzan we ýakyn wagtlara çenli çözülip bilinmedik krizisiň indi petikden azat bolandygyny habar berdi.
Nikol Paşinýanyň bu beýanatynyň Ermenistanyň Azerbaýjana garşy BMG-nyň Halkara kazyýetine ýüz tutmagy bilen gozgan kazyýet işiniň diňlenşigindan soň bermegi ünsleri özüne çekdi.
Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýana görä Ermenistan we Azerbaýjan territorial bütewiliklerini ikitaraplaýyn häsýetde ykrar edýärler. Taraplar Ermenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky serhedi kesgitleýän syýasy element bolan 1991-nji ýylda Gazagystanyň Almaty şäherinde gol çekilen jarnamany kabul edýär.