Ermenistanyň paýtagty Ýeriwan şäherinde, Ermeni buthanalar tarapyndan Azerbaýjan-Ermenistan serhet kesgitlemek bilen bagly işleriň bes edilmegi üçin geçirilen mitingde ýurduň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi talap edildi.
Ermenistanyň resmi habarlar agentligi Armenpress tarapyndan berilen habara görä, Tawuş sebitiniň dini wekili arhiýepiskop Bagrat Galstanýanyň guramaçylygynda geçirilen "Watan üçin Tawuş" adyny göterýän ýörişe gatnaşan adamlar, Respublika meýdanynda miting üçin jemlendiler.
Bagrat Galstanýan ol ýerde eden çykyşynda, ýurduň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň wezipesinden çekilmegini talap edip, özüne 1 sagat möhlet berdi. Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bolsa arhiýepiskopyň talabyna jogap bermedi.
Mitinge gatnaşanlar Azerbaýjan bilen serhet kesgitlemek işlerini geçirýärkä territorial eglişikleri etmek bilen günäkärleýän Nikol Paşinýanyň wezipesinden çekilmegini isläp şygarlar aýtdylar.