Ermenistanda Hökümete Garşy Geçirilýän Ýörişler Dowam Edýär

Ermenistanda Hökümete Garşy Geçirilýän Ýörişler Dowam Edýär

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda geçirilýän hökümete garşy ýörşlerde 240-dan gowrak adam saklandy.

Ermenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, ruhany Bagrat Galstanýanyň ýolbaşçylygynda geçirilýän hökümete garşy protest ýörişlerinde protestçylar ertiriň irki sagatlarynda Ýerewandaky käbir köçeleri gatnawa ýapdy.

Howpsuzlyk güýçleri bilen protestçylaryň arasynda wagtal-wagtal dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Wakada 240-den gowrak adam saklandy.

Ruhani Galstanýanyň ýolbaşçylygyndaky topar ýekşenbe güni hem Jemhuriýet meýdanynda miting geçirdi.

Ruhani Galstanýanyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilýän ýörişlerde Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi talap edilýär.

Premýer-ministr Paşinýan bolsa 24-nji maýda halka ýüzlenip eden çykyşynda, halkyň ikinji gezek saýlawda beren sesi bilen bu wezipä saýlanandygyny ýatlatdy we wezipesinden çekilmejekdigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Rus Harby Bazasynyň Ermenistana Haýsydyr Bir Goşandy Ýok
Türkmen wekiliýeti deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy
Fransiýa Ermenistana Howa Goranyş Ulgamlaryny Berer
Ermenistan Rus Serhetçilerini Ýurtdan Çykarar
Russiýa, Ermenistandaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
Russiýa Bilen Çözülmedik Birnäçe Meselämiz Bar