Ermenistanda güýç bilen häkimiýeti ele geçirmäge synanyşan 8 adam göz tussaglygyna alyndy

Ermenistanda güýç bilen häkimiýeti ele geçirmäge synanyşan 8 adam göz tussaglygyna alyndy

Ermenistanyň resmi habarlar agentligi Armenpress tarapyndan berilen habara görä, Ermenistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň we Derňew býurosynyň geçiren operasiýalarynyň netijesinde atlary beýan edilmedik 7-si "Haçlylar Harby-watançylyk jemgyýeti guramasyna" agza bolan jemi 8 adamyň, ellerindäki ýaraglary we ok-därileri, Premýer ministr Nikol Paşinýan we beýleki hökümet agzalaryna garşy ulanyp, häkimiýeti ele geçirmek üçin özara ylalaşyga gelendikleri anyklandy.

Şol adamlaryň hökümediň ygtyýaryny Konstitutsiýada bolmaýan ýagdaýda ele geçirip, häkimiýeti zor bilen ele geçirmäge synanyşandyklary anyklandy.

Geçirilen derňew-barlag işlerinde şol adamlaryň ýanlarynda aragatnaşyk enjamlary, aragatnaşyk bloklaýjy enjamlar, ýaraglar we ok-däriler tapyldy.

Şol adamlar Milli howpsuzlyk gullugynyň we Derňew býurosynyň işgärleri tarapyndan göz tussaglygyna alyndy.

Göz tussaglygyna alynan adamlar bilen bagly derňew işiniň dowam edýändigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Nikol Paşinýanyň Dik Uçary, Ýaramaz Howa Şertleri Sebäpli Gonmaly Boldy
Ermenistanda ýurduň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi talap edildi
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Wekilleri Ertir Brýusselde Duşuşar
Eýran Ermenistany goldady
Eýran Zengezur Geçelgesini Milli Howpsuzlyga Abanýan Wehim Diýip Hasaplaýar
Ermenistan Parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly täze teklibini Azerbaýjana ugratdy