Ermenistanda Agdarlyşyk Synanşygynyň Öni Alyndy

Ermenistanda Agdarlyşyk Synanşygynyň Öni Alyndy

Ermenistan Derňew Komitetiniň ýazmaça beýannamasyna görä geçirilen derňew işinde we barlaglarda häkimiýeti bikanun ýollardan ele geçirmäge taýýarlanýandygy şübhesi bilen 5 sanysy Ermenistanyň raýaty we 2 sanysy Azerbaýjanyň Garabag sebitinden jemi 7 adam hakynda iş gozgaldy.

Derňew işiniň netijesinde şol raýatlaryň bikanun topar döredip, häkimiýeti güýç ulanmak arkaly ele geçirmek, şol maksat bilen güýç we howp ýoly bilen Ermenistan Respublikasynyň hökümetiniň ygtyýarlaryna eýe bolmak üçin taýýarlyk görýändigi anyklandy.

Şol raýatlaryň öňüňden dilleşip, häkimiýeti ele geçirmek maksady bilen 2024-nji ýylda Ermenistanyň we Garabagyň ozalky ýaşaýjylaryndan köp sanly adama aýda 220 müň rubl (2350 Amerikan dollary) aýlyk töläp, Russiýada üç aýlyk tälim alandyklary anyklandy.

Agdarlyşyk üçin tälim alan adamlara agyr ýarag ulanmagyň öwredilendigi we Ermenistana dolanyp gelenlerinden soň operasiýalara gatnaşmak, başga raýatlara tälim bermek üçin maglumatlar berilendigi nygtalýar.

Derňew işiniň çäginde 3 adamyň tussag edilendigi, 4 adamyň ele salynmagy üçin buýruk çykarylandygy, agdarlyşyk synanşygyna goldaw beren başga raýatlaryň bolup-bolmandygy bilen bagly işleriň dowam edýändigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Parahatçylyk güýji Garabagdan çekildi
“Indi Kimdir Biriniň Biziň Bitewigimizi Ykrar Edip Etmezligi Beýle Möhüm Däl”
'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
Ermenistan Serhetlerini Rus Goşunlarynyň Goramagyndan Biynjalyk
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Russiýada kazyýet Alekseý Nawalnyýnyň aýalynyň tussag edilmegi barada karara geldi