Ermenistanyň hökümeti paýtagt Ýerewanda ýerleşýän Zwartnos adyndaky halkara howa menzilinde ornaşan Rus serhet goragçylarynyň işleriniň bes edilmegi hakynda karara geldi.
Ermenistanyň resmi habarlar gullugy “Armenpressiň” mälim etmegine görä Milli Howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary Armen Grigorýan Milli Mejlisde geçirilen maslahatdan soň metbugata beýannama berdi.
Grigorýan Ermenistanyň hökümetiniň adybir howa menzilindäki ähli işleriň dolulygyna Ermenistanyň gulluklary tarapyndan ýerine ýetirilmegi hakynda karar kabul edendigini aýdyp; “Ermenistanyň bu hususda pozisiýasy açyk we ony resminama arkaly Russiýa Federasiýasyna habar berdi. Ermenistanyň pozisiýasy Zwartnos howa menzilindäki işiň Ermenistanyň Serhet goragçylary tarapyndan alynyp barylmagyny talap edýär” diýdi.
Milli Mejlisiň Başlygy Alen Simonýan 27-nji fewralda Rus serhetçileriniň Zwartnos howa menzilinden çykarylmagynyň ýerlikli boljakdygyny beýan edipdi.
Kremliň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow bolsa Ermenistanyň hökümetiniň şol karary boýunça özlerine haýsydyr bir maglumatyň gelip gowuşmandygyny beýan edipdi.