Käbirleriniň bu tapgyry “döwletara ylalaşygynyň bozulmagy” hökmünde görkezmäge synanşýandygyny beýan eden Simonýan, bu ylalaşygyň ministrlik derejesinde kabul edilen, bu sebitdäki ermeni serhetçilerine goldaw bermek maksatly ähtnamanyň bardygyny nygtady.
Simonýan häzirki wagtda Ermenistanyň serhet goragçylarynyň muňa zerurlygynyň ýokdugyny we 1-nji awgustda rus serhet goragçylarynyň Zwartnos howa menzilinden gitjekdigini aýtdy.
Simonýan rus serhet goragçylarynyň Ermenistan-Türkiýe serhedinden çekiljekdigi hakyndaky myş-myşlaryň hakykaty beýan etmeýandigini aýtdy.
Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Russiýa beren goldawy üçin sagbolsun aýdyp, mundan soň Ermenistanyň serhet goragçylarynyň işlerini özbaşdak alyp barmaga taýýardygyny beýan edipdi.
Kremliň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow Ýerewanyň bu kararyny Moskwa ýazmaça ýetirendigini beýan edipdi.