Ermenistan Palestinany resmi taýdan ykrar etdi

Ermenistan Palestinany resmi taýdan ykrar etdi

Ermenistanyň resmi habarlar agentligi Armenpress tarapyndan Daşary işler ministrlige esaslanyp beren beýanatynda, Palestina döwletiniň Ermenistan tarapyndan resmi taýdan ykrar edilendigi mälim edildi.

Beýanatda: "Ermenistan halkara hukuk, halkaryň deňligi, özygtyýarlylyk we parahatçylyk içinde agzybir bolup ýaşamak ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar we Palestina döwletini ykrar edýär" diýip habar berildi.

Ermenistanyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Gazada dessine ýaraşyk baglaşylmagy baradaky kararlaryna goşulýandygy bellenen beýanatda, ýurduň iki döwletli çözgüdi goldaýandygy aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl-Iordaniýa serhedindäki gümrük geçelgesinde ýaragly hüjüm guraldy
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Wekilleri Ertir Brýusselde Duşuşar
Ermenistanda güýç bilen häkimiýeti ele geçirmäge synanyşan 8 adam göz tussaglygyna alyndy
Garabagda Ýangyç Ammarynda Partlama Boldy
Azerbaýjanyň Garabag sebitinde bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Eýran Zengezur Geçelgesini Milli Howpsuzlyga Abanýan Wehim Diýip Hasaplaýar
Ermenistan Parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly täze teklibini Azerbaýjana ugratdy